«DÜNÝÄ DOLÝAR PARAHATLYK MUKAMY, TÜRKMENISTAN DOST-DOGANLYK MEKANY» ADY BILEN EDEBI DUŞUŞYK DABARASY GEÇIRILDI

  • «Dünýä dolýar parahatlyk mukamy, Türkmenistan dost-doganlyk mekany» ady bilen edebi duşuşyk dabarasy geçirildi

    «Dünýä dolýar parahatlyk mukamy, Türkmenistan dost-doganlyk mekany» ady bilen edebi duşuşyk dabarasy geçirildi

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Dünýä dolýar parahatlyk mukamy, Türkmenistan dost-doganlyk mekany” atly edebi duşuşyk dabarasy geçirildi.

    Dabarada eziz Diýarmyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän taryhy özgertmeleri, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, milli gymmatlyklarymyzy, watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly ýol-ýorelgelerimizi kämil eserleriň üsti bilen beýan edýän, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge uly goşant goşýan zehinli döredijilik işgärleri çykyş etdiler.

    Myhmanlar halkyň ruhy gymmatlyklaryny gorap, asyrlardan-asyrlara süňňäläp getirmek medeniýetiň paýyna düşýändigi, medeniýete üns bermek – halkyň kalbyna nazar salmakdygyny, hut şol ýörelgeleriň ähli ädimlerimiziň özenini düzmegi netijesinde bu günki gün Türkmenistana dünýä ýüzünde ruhy baýlyklaryň, medeni gymmatlyklaryň mekany hökmünde garalýandygy barada gürrüň etdiler.
    Dabaranyň çäklerinde “Medeniýet-halkyň kalbydyr!” atly kitap sergisi guraldy. Sergide hormatly Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary hem-de türkmen medeniýetine we sungatyna degşli kitaplar sergilendi.