-
20
Dekabr
«Dünýä meşhur şanyň, türkmen halysy» ady bilen hünärmenleriň arasynda dabara geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli “Dünýä meşhur şanyň türkmen halysy” atly hünärmenleriň arasyndal dabara geçirildi. . Dabara ýerleri kitaphana işgärlei, ýazyjy-şahyrlar, halyçylar we okyjylar gatnaşdylar.
Il-günüň kalbyna deňelýän nepis we owadan halylarymyz medeni mirasymyzyň iň ajaýyp sungat eseri hökmünde barha kämilleşýär. Gadymy däp-dessurlarymyza, milli mirasymyza çuňňur sarpa goýýan hormatly Prezidentimiz haly sungatyny mukaddeslik derejesine ýetirip, türkmen halysynyň şan-şöhratynyň äleme ýaýylmagyna giň ýol açdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halyçylyk sungaty ösüşiň şaýoluna düşdi. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi türkmen zenanlarynyň çeper elleriniň, uz barmaklarynyň gudraty bilen döredilen nepis halylarymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan ajaýyp sungat ýadygärligi hökmünde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Dabaranyň çäginde “Gözellik göwheri-türkmen halysy” ady bilen giňişleýin kitap sergisi gurnaldy.Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.