-
03
Iýun
«Durnukly ösüş maksatlary» boýunça 2 günlük okuw sapagy geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda 2-3-nji iýunda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy usulyýet merkeziniň wekilleriniň gatnaşmagynda “Durnukly ösüş maksatlary” boýunça okuw sapagy geçirildi. Bu iki günlik okuw sapagynyň dowamynda mähriban Arkadagymyzyň saýasynda bu ugur boýunça ýerine ýetirilýän işler mysallar arkaly giňişleýin düşündirildi. Geçirilen sapagyň ikinji gününde bolsa, Hazar deňzi, ondaky bar bolan baýlyklaryň gorap saklanylyşy dogrusynda täsirli söhbet edildi we bu ugura degişli dürli suratlar görkezilip düşündirişler berildi. Okuw sapagyna kitaphana işgärleri gatnaşdylar.
Iki günlik geçirilen okuw sapagynda çykyş edenler öz sözüniň soňunda hormatly Arkadagymyza şeýle döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin köp sag bolsun aýtdylar.