«EDEBIŇ GÖZBAŞY — TÜRKMEN ZENANY» ADY BILEN WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

  • «Edebiň gözbaşy — türkmen zenany» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi

    «Edebiň gözbaşy — türkmen zenany» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Ilkinji Zenanlar guramasy, TDMM Kärdeşler arkalaşygy guramasy, TDMM Ilkinji Zenanlar guramasy we Döwlet kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda ”Edebiň gözbaşy- türkmen zenany” atly wagyz –nesihat çäresi geçirildi.

    Geçirilen wagyz-nesihat çäresine kitaphana, muzeý işgärleri we dürli ýerlerden myhmanlar gatnaşdylar. Wagyz –nesihat çäresinde çykyş eden ak saçly eneler, halypa kärdeşler ”Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda gelin- gyzlarymyza goýulýan hormat- sarpa, olaryň dürli kärlerde işläp, döretmekleri üçin edilýän aladalar dogrusynda söhbet etdiler. Soňra ösüp gelýän ýaş gyzlarymyzyň edepli-ekramly ,asylly bolmaklary dogrusynda hem täsirli söhbet etdiler. ”Edebiň gözbaşy- türkmen zenany” atly wagyz –nesihat çäresiniň soňunda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize döredip berýän mümkinçilikleri üçin alkyş sözlerini aýtdylar.