«ELEKTRON KITAPHANALARYŇ ÝAŞLARYŇ AŇ-DÜŞÜNJESINI KÄMILLEŞDIRMEKDÄKI ORNY» ADY BILEN MASLAHAT GEÇIRILDI

  • «Elektron kitaphanalaryň ýaşlaryň aň-düşünjesini kämilleşdirmekdäki orny» ady bilen maslahat geçirildi

    «Elektron kitaphanalaryň ýaşlaryň aň-düşünjesini kämilleşdirmekdäki orny» ady bilen maslahat geçirildi

    Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Elektron kitaphanalaryň ýaşlaryň aň-düşünjesini kämilleşdirmekdäki orny» ady bilen maslahat geçirildi.

    Maslahatda çykyş edenler  elektron kitaphananyň ýaşlaryň bilim almaklarynda, okamaklarynda örän uly ähmiýetiniň bardygyny nygtamak bilen elektron ulgamda bir wagtyň özünde bir kitapdan ýüzlerçe okyjylaryň peýdalanyp bilýändigi hakynda söhbet etdiler. Häzirki wagtda biziň ykdysadyýetimizde, medeniýetimizde we sungatymyzda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bolsa has hem döwrebaplyk bolup durýar.

    Çykyş edenler söhbetleriniň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.