«EÝÝAMYŇ BINAGÄRLIK KEŞBI — WATANYMYZYŇ ROWAÇLYGYNYŇ WE ABADANÇYLYGYNYŇ NYŞANY» ADY BILEN SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

  • «Eýýamyň binagärlik keşbi — Watanymyzyň rowaçlygynyň we abadançylygynyň nyşany» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi

    «Eýýamyň binagärlik keşbi — Watanymyzyň rowaçlygynyň we abadançylygynyň nyşany» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi

    Giriş sözüni we söhbetdeşligi alyp baran: Döwlet kitaphanasynyň Döwlet we jemagat kitaphanalarynyň işini utgaşdyryjy bölüminiň baş kitaphanaçysy Şirliýewa Annagül.

    Söhbetdeşligiň esasy mazmuny: Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” diýip atlandyrylan 2019-njy ýylda dürli pudaklar bilen bir hatarda, gurluşyk ulgamynda uly işlere badalga berilendigini aýdyp, şu geçirilýän söhbetdeşlige “Güýçgurluşyk we Taslama gözegçiligi” Hojalyk jemgyýetiniň Hil boýunça inženeri hem-de şol kärhananyň şikes tapyjy işgäri. Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölüminiň esasy kitaphanaçysy. Döwlet kitaphanasynyň kitap saklanýan bölüminiň bölümçe müdiri. Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklanýan bölüminiň müdiri.

    “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” ugur alyp, Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň durnukly ösüş ýolunda geljekde amala aşyryljak işleriň, ýetilmeli sepgitleriň, göz öňünde tutulýan ykdysady ösüşleriň ugry kesgitlenilýär. Şu maksatnama laýyklykda paýtagtymyzda dünýä ülňülerine laýyklykda gurulýan ajaýyp binalar we dürli maksatly desgalar, älemgoşar reňkli güllere beslenen seýilgähler, köp sanly suw çüwdürimleri bu günki gün ak şäherimiz Aşgabadyň gözelligine görk goşýandygy barada uly buýsanç bilen gürrüň etdiler.