“EZIZ WATAN-ARKADAGLY SERDARLY, BERKARAR DÖWLETIŇ GELDI PYRAGY!”

  • “Eziz Watan-Arkadagly Serdarly, Berkarar döwletiň geldi  Pyragy!”

    “Eziz Watan-Arkadagly Serdarly, Berkarar döwletiň geldi Pyragy!”

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet
    kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan “Eziz Watan-
    Arkadagly Serdarly, Berkarar döwletiň geldi Pyragy!” atly
    edebiýatşynaslaryň gatnaşmagynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik
    geçirildi.
    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe,
    “Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýip atlandyrylan
    ýylymyzda
    Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz
    tagallalary netijesinde türkmen halkynyň taryhyny, medeniýetini,
    sungatyny öwrenmäge giň ýol açyldy.
    Söhbetdeşlige gatnaşanlar esasanam “Arkadag şäheri- geljegiň
    şäheri” atly ajaýyp kitap hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan
    gününiň 300 ýyllygy hakynda giňişleýin söhbet etdiler.
    Ýurdumyzda edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak
    bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri,
    däp-dessurlary täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň
    köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen
    halkynyň milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly
    Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag
    bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň
    rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.