«GADAMY BATLY, BAKY ŞÖHRATLY BEDEW» ADY BILEN BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

  • «Gadamy batly, baky şöhratly bedew» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi

    «Gadamy batly, baky şöhratly bedew» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi

    Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyz — hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda aprel aýynyň soňky ýekşenbesi Türkmen bedewiniň milli baýramy hökmünde ýurdumyzyň ähli künjeginde giňden bellenilýär. Biz hem Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda bu baýramçylyk mynasybetli «Gadamy batly, baky şöhratly bedew» atly baýramçylyk dabaramyzy bu baýramçylyga uly sowgadymyz hökmünde geçirdik. Bu baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler, gamyşgulak bedewlerimize ýurdumyzda berilýän ünsüň uludygyny belläp geçdiler. Dabaranyň dowamynda inçe billi bedewler barada ajaýyp goşgular hem okalyp, olar diňleýjilerde uly täsir galdyrdy. Mundan başga-da medeniýetde, sungatda, edebiýatda behişdi bedewleriň ähmiýeti dogrusynda hem gyzykly maglumatlar aýdylyp, olar dabara gatnaşyjylarda çäksiz gyzyklanmalary döretdi. Baýramçylyk dabaramyzyň dowamynda «Atym bar — ganatym bar» atly giňişleýin kitap sergisi hem gurnaldy. Bu kitap sergisi dabara gatnaşyjylar üçin täsirli bolup, olara özlerini gyzyklandyrýan maglumatlaryny almaga mümkinçilikler döredi.