«GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ “DÖWLET GUŞY” ROMANYNDA MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ÇEPER KEŞBI» ADY BILEN DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

  • «Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet guşy” romanynda Magtymguly Pyragynyň çeper keşbi» ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi

    «Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet guşy” romanynda Magtymguly Pyragynyň çeper keşbi» ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi

    Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet guşy” romanynda Magtymguly Pyragynyň çeper keşbi» ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.

    Döredijilik duşuşygynda çykyş edenler: «Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet guşy” romanynda kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň Beýik Watançylyk urşuna gabat gelen çagalygynyň bir ýarym ýylynyň mysalynda onuň il-gününe, Watanyna päk söýgüsi, her günki bitirýän uly işleri, ruhubelentligi, gaýduwsyzlygy barada ussatlyk bilen beýan edilýär. Bu romanda türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň “Ýeldim tut” atly ajaýyp goşgusynyň adamlary mertlige, gaýratlylyga, ruhubelentlige çagyrýanlygy hem nygtalýar. Romandaky çuňňur ynsanperwerlige, gahrymançylyga ýugurlan ajaýyp obrazlar okyjylarda uly täsir galdyrýar» diýip, nygtap geçdiler.

    Duşuşykda çykyş edenler sözleriniň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.