-
08
Awgust
«Gahryman Arkadagymyzyň eserleri ýaşlar üçin ýörelge hem görelde mekdebi» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Gahryman Arkadagymyzyň eserleri ýaşlar üçin ýörelge hem görelde mekdebi» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur mana, pähim-paýhasa öwrülen ajaýyp eserleri biziň her birimiz üçin, ylaýta-da biziň şu günki ýaş nesillerimiz üçin uly terbiýe we durmuş mekdebidir. Söhbetdeşlikde çykyş edenler bular hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen, Gahryman Arkadagymyzyň her bir gymmatly kitabynyň many-mazmuny barada durup geçdiler.
Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer syýasaty, onuň döreden ajaýyp ýol-ýörelgeleri bu gün dünýä dolýar. Onuň her bir pähim-paýhasynda, döreden ajaýyp eserlerinde türkmen halkymyzyň şöhratly taryhy, juda baý milli we edebi gymmatlyklarymyz, türkmeniň keramatly topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleri Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda özüniň çuňňur beýanyny tapýar.