-
04
Dekabr
Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly ajaýyp kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň ilkinji Zenanlar guramasynyň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Hakyda göwheri” atly ajaýyp kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Dabara gatnaşyjylar: “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly uly üstünlikler bilen taryha ýazylýar. Halkymyzyň döreden milli gymmatlyklary, baý taryhy babatda durmuşa geçirilen ylmy-filosofiki, çeper mazmunly işler geljekki nesillerimiz üçin gymmatly hazynamyzdyr. Gahryman Arkadagymyzyň hut şu jähtden ilimize serpaý eden eserleri türkmen paýhasynyň kemala gelmeginde tapylgysyz milli ruhy we medeni gymmatlygymyzdyr” diýip belläp geçdiler. “Hakyda göwheri” türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň şöhratly taryhy hem-de edebi mirasy hakyndaky toplan maglumatlarynyň paýhas dürüdir.
Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler sözleriniň ahyrynda agzybir türkmen halkyny beýik Pyragynyň arzuwlan zamanasynyň eşretlerinde ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan beýik tutumly işleri rowaç bolmagyny arzuw etdiler!