GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «ÖMRÜMIŇ MANYSY» KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

  • Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Ömrümiň manysy” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
    Dabarada çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän, täze çapdan çykyp halkymyza gowşan “Ömrümiň manysy” atly ajaýyp kitabynyň many-mazmuny hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Öňki gymmatly kitaplarynyň dowamy bolan Gahryman Arkadagymyzyň bu kitaby biziň hemmämiziň, ylaýta-da Berkarar döwletimiziň ýaş nesilleri üçin uly durmuş mekdebidir diýip belläp geçdiler.Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşanlar dabaranyň soňunda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza jan-saglyk,uzak ömür, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işlerinde rowaçlyklary arzuw etdiler.