GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «ÖMRÜMIŇ MANYSYNYŇ DOWAMATY» ATLY TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

  • Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

    Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

    Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhammedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

    Bu günki tanyşdyryş dabarasynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze eseriniň her bir bölümi hakynda, nesilleri terbiýelemekdäki ähmiýeti dogrusynda gürrüň etdiler. Çykyş edenleriň her biri bu ajaýyp kitabyň içinde beýan edilýän ynsanperwer duýgular, türkmen halkymyzyň kitaba goýýan ägirt uly sarpasy, ene ýüreginiň keramaty, Gahryman Arkadagymyzyň ata-babalarymyzdan bize gelip ýeten nesil terbiýesi hakyndaky dürdäne pikirleri hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen olar gymmatly kitabyň hemmäniň ýan kitabyna öwrüljekdigini buýsanç bilen bellediler.

    Çykyş edenler söhbetleriniň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.