«TÜRKMENISTANYŇ DERMANLYK ÖSÜMLIKLERI» KITABYNYŇ 15-NJI JILTINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

  • «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabynyň 15-nji jiltiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

    «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabynyň 15-nji jiltiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

    Şu Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy ensiklopedik kitabynyň 15-nji jiltiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

    Dabarada çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp kitabynyň many-mazmuny hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen, kitabyň biziň gözel tebigatymyza, onuň baý ösümlik dünýäsine bolan söýgüni has hem ýaş nesillerimiziň aňyna guýmakdaky ähmiýeti hakynda durup geçdiler.

    Tanyşdyrylyş dabarasynyň çäklerinde «Arkadagyň kitaplary — pähim-paýhas çyragy» ady bilen giň möçberde kitap sergisi guraldy. Kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň dürli jiltleri, şeýle hem bu gymmatly kitabyň daşary ýurt dillerine terjime edilen nusgalary goýuldy.

    Çykyş edenler dabaranyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň höwrüniň köp bolmagyny, şeýle hem Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan-saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işlerinde rowaçlyklary arzuw etdiler.