-
14
Sentýabr
“Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly kitaplarynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň waspy”
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna bagyşlap özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan etdiler : “Geçmişi şöhratly türkmen halkymyzyň kalby erkinlik, parahatçylyk mukamyndan püre-pür. Garaşsyzlykdan ganatlanan gözel göwünleriň howalasy bolsa elmydama älem gowulyklaryna sary ugur alýar. Şonuň üçin-de eziz Diýarymyzda alnyp barylýan ajaýyp işler, gazanylýan üstünlikler, parahatçylyk söýüjilikli agzybir gatnaşyklar Garaşsyzlygymyzyň bize beren sylag-serpaýlarydyr. Garaşsyzlyk asuda ýurdumyzy beýik ösüşlere ýetirip, rowaçlyklardyr ýeňişleriň datly miwesini eçilýär” diýip belläp geçdiler.
Söhbetdeşligiň çäginde “Garaşsyzlykdan ganatlanan Berkarar Watanymyz” atly göçme kitap sergide türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dürli dillerde neşir edilen eserleri, Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserleri goýuldy. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkyny ýagty geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.