-
09
Sentýabr
Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllyk toýy mynasybetli «Garaşsyzlygymyz — bitewiligimiziň mizemez binýady» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllyk toýy mynasybetli kitaphana işgärleriniň gatnaşmagynda “Garaşsyzlygymyz- Bitewiligimiziň mizemez binýady” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler biziň Türkmenistan döwletimiziň indi 31 ýyl bäri öz Garaşsyz döwletine guwanyp, onuň geçmişine buýsanyp, şu gününi toý-baýrama besläp, şanly geljegine arkaýyn umyt baglap, azat - erkin ýaşaýar, döredýär, gurýar diýip buýsançly bellediler we Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli türkmen iline sowgat eden kitaplaryndan giňişleýin söhbet etdiler.