-
27
Iýul
Gökderedäki «Nesil» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde «Magtymguly diýip,adym tutsalar...» ady bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň göçm
Bu göçme kitap sergisine Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş
merkezlerinde dynç alýan çagalaryň gatnaşmaklarynda «Magtymguly diýip,adym
tutsalar...» diýen at bilen merkezara «Açyk gapylar»güni geçirildi. Bu göçme sergä
Milli Liderimiz,Gahryman Arkadagymyzyň,Hormatly Prezidentimiz,Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň durmuş mekdebi bolan ajaýyp eserleri, Gündogaryň beýik
akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna
bagyşlanyp ýazylan täze edebiýatlar giňişleýin kitap sergisinde ýerleşdirildi . Öz
bilişimiz ýaly, Magtymguly atamyzyň arzuw eden ajaýyp döwri Milli Liderimiz,
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda hasyl boldy. Döwletimiz Berkarar, döwrümiz
bagtyýar. Bu gün ady dünýä dolan eziz Watanymyz gün-günden ösýär we öňe
gidýär. Her bir setiri nakyla öwrülen umumyadamzat şahyry Magtymguly Pyragynyň
dürdäne eserleri ýaş nesillerimizi Watansöýüji, arassa ahlakly,zähmetsöýer edip
terbiýelemekde ajaýyp durmuş mekdebidir.
Sergä gatnaşan çagalar we mugallymlar bize ajaýyp durmuşy bagyş eden
Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli beýik işleriniň, täze
başlangyçlarynyň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.