«GÖRKANA NURUNY ÄLEME ÇAÝYP, BERKARAR DÖWLETE NOWRUZ GELIPDIR» ADY BILEN BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

  • «Görkana nuruny Äleme çaýyp, Berkarar döwlete Nowruz gelipdir» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi

    «Görkana nuruny Äleme çaýyp, Berkarar döwlete Nowruz gelipdir» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi

    Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen eziz ülkämizde Milli bahar baýramy döwlet derejesinde bellenilip geçirilýär. Bu baýram doganlygyň-dostlugyň baýramy, täzelenişiň baýramy.Türkmen halkymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryna görä semeni bişirilip, goňşy-golamlara paýlanylýar, bir birege hoş sözler aýdylýar, ýagşy niýetler, arzuw-dilegler edilýär.Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bahar baýramy mynasybetli dürli baýramçylyk dabaralary geçirilýär. Biziň Döwlet medeniýet merkezimiziň Döwlet kitaphanasynda hem Halkara Nowruz baýramy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Biziň bu dabarymyza dürli ýerlerden myhmanlar, döredijilik işgärleri, sungat ussatlary, ýazyjy-şahyrlar geldiler. Olar özleriniň ýürek buýsançlaryny ajaýyp goşgylardyr- gutlaglary bilen beýan edip, biziň baýramçylyk dabaramyzy uly şowhuna beslediler. Baýramçylyk dabarasynyň çäginde “ Nowruz-baharyň soltany” ady bilen giňişleýin kitap sergisi guraldy. Kitap sergisinde hormatly Prezidentimiziň pähim paýhasyndan dörän, ajaýyp eserleri, ajaýyp zamanamyzyň waspyny ýetirýän, ösüşlerimizi dünýä ýaýýan ýazyjy-şahyrlarymyzyň kitaplary, Nowruz baýramy barada ýazylan edebiýatlar şeýle-de nusgawy şahyrlarymyzyň kitaplary ýerleşdirdi.Okyjylar bu sergä uly gyzyklanma bilen syn etdiler. Dabara gatnaşanlar bize beren ajaýyp bagty üçin, bagtyýar döwri üçin hormatly Prezidentimize özleriniň alkyşlaryny we hoşallyk sözlerini aýtdylar.