-
22
Maý
«Gözelligiň nusgasy sensiň, türkmen halysy» atly edebi duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Gözelligiň nusgasy sensiň, türkmen halysy» atly edebi duşuşyk geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda türkmen haly sungaty dünýä ýaýraýar. Türkmen halysy özünde milli öwüşgini saklamak bilen birlikde dünýäniň dürli künjeklerinde tanalýar. Türkmen halylary diňe biziň ýurdymyzda däl, eýsem dünýäniň dürli künjeklerinde guralýan sergilerde bu inçe sungatyň kämilligini arşa göterip gelýär. Müňýyllyklaryň dowamynda olar özüniň altyn öwüşgini bilen türkmen taryhyndan habar berýär. Halynyň dokalşynyň, oňa salynýan nagyşlaryň her biri bir eser bolup, oňa düşünen adamyň öňünde bir syrly kitabyň manysy açylýan ýalydyr. Halyda türkmen baharynyň täsin gözelligi, dag ýerinde dagy, çöl ýerinde çöli, derýasy-deňzi bolan tebigatyň durky janlanýar.