GÜNDOGARYŇ BEÝIK AKYLDARY WE NUSGAWY ŞAHYRY MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 300 ÝYLLYGY MYNASYBETLI “SPORT SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY ”ATLY TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDA SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI.

  • Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli  “Sport sagdynlygyň gözbaşy ”atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik  geçirildi.

    Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Sport sagdynlygyň gözbaşy ”atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Gündogaryň
    beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300
    ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimligi,Türkmenistanyň
    Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap
    Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy
    bilen bilelikde “Sport sagdynlygyň gözbaşy ”atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik
    geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen Milli Lideri,Türkmenistanyň Halk
    Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip
    taýýarlanylan hem-de gönüden-göni ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilen
    ”Saglyk” Döwlet maksatnamasy häzirki zaman milli saglygy goraýyş ulgamynyň
    kemala gelmegi üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.Uzak möhleti nazrlaýan hem-
    de giň gerimli bu maksatnama ugurdaş beýleki toplumlaýyn çäreleriň-köpçülikleýin
    bedenterbiýe-sagaldyş,sagdyn durmuş ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine hem ýol
    açylýandygyny,Watanymyz sagdynlygygyň we ruhubelentligiň,beden we ruhy taýdan
    kämil adamlaryň ýurduna öwrülýär diýip, giňişleýin nygtadylar. Söhbetdeşligiň
    ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza,
    hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden
    buýsançlaryny beýan etdiler.