«GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW ADYNDAKY HOWANDARLYGA MÄTÄÇ ÇAGALARA HEMAÝAT BERMEK BOÝUNÇA HAÝYR-SAHAWAT GAZNASY» ATLY KITABYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY HEM-DE «MILLI MEDENIÝETIŇ GÜLLEÝÄN ZAMANY – PYRAGYNYŇ ARZUWLAN AJAP EÝÝAMY» ADY BILEN ÇÄRE GEÇIRILDI

  • «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy hem-de «Milli medeniýetiň gülleýän zamany – Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamy» ady bilen çäre geçirildi

    «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy hem-de «Milli medeniýetiň gülleýän zamany – Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamy» ady bilen çäre geçirildi

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Magtymguly adyndaky ilkinji ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy hem-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Milli medeniýetiň gülleýän zamany – Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamy» ady bilen çäre geçirildi.  

         Maslahata medeniýet we sungat işgärleri we kitaphana hünärmenleri, okyjylar gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler “ Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy” döwründe hormatly Prezidentimiziň  türkmen halkynyň milli medeniýetini we sungatyny ösdürmekdäki alyp barýan beýik işleri dogrusynda, bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň  “Türkmen medeniýeti“, “Ile döwlet geler bolsa...“, “Medeniýet halkyň kalbydyr“, „Parahatçylyk sazy dostluk, doganlyk sazy”, “Paýhas çeşmesi” ýaly gymmatly kitaplarynyň medeniýetimizi, sungatymyzy giňden wagyz etmekde, ony dünýä ýaýmakda  gymmatly çeşmeler bolup durýandygyny belläp geçdiler. Şeýle hem “Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy” atly kitapdan “Hemaýat etmek özüňden özgelere mähribanlygy eçilmekdir, olaryň depesini göge ýetirjek sowgatlaryny bermek bilen, arzuwlaryny hakykat ýüzünde amala aşyrmakdyr” diýen ýaly ganatly jümleleriň getirilmegi raýatlaryň ýagşylyk etmäge bolan ymtylyşlaryny artdyrmakda, ejize howandarlyk etmegiň nähili belent ynsanperwerlik, ruhy beýiklik bolup durýandygyny düşündirmekde örän ähmiýetlidir. Ýaş nesliň bagtyýarlygy ugrunda iş alyp barýan gaznanyň ýagşy amallarynyň netijesinde derdine şypa tapan çagalaryň hossarlarynyň ýürek sözleriniň kitapda ýerleşdirilmegi bada-bat okyjylaryň ünsüni özüne çekip, olarda şeýle uly möçberli düzümiň işine bolan buýsanjy artdyrýar.