-
01
Maý
«Gutly bolsun Beýik Ýeňşiň baýramy, parlasyn Garaşsyz Watan baýdagy!» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler biziň gaýduwsyz ildeşlerimize söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlarymyza çäksiz minnetdarlygymyzyň, olara bildirilen sarpanyň beýanydyr. Watan ogullarynyň gahrymançylygy, olaryň öz eziz Watanyny janyndan eý görüp gorandyklary hakyndaky ýatlamalar, ýagny Watana, il güne bagyşlanan Ykballar halka gulluk etmegiň ajaýyp mekdebi bolup nesilleriň hakydasynda ýaşaýarlar, ýaşarlar. Halklaryň umyt-arzuwlary, olaryň Ýeňşiň hatyrasyna çeken edermenlikli zähmetiniň öz beýanyny tapan bu nurana baýramçylyk hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ynamly öňe barýan türkmen halkynyň durmuşynda aýratyn orun eýeleýär. 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygyna bagyşlanyp Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hem “Gutly bolsun Beýik Ýeňşiň baýramy, Parlasyn Garaşsyz Watan baýdagy!” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasynyň çäginde “Beýik Ýeňşiň şanyna” ady bilen giňişleýin kitap sergisi guraldy.