“GYMMATY EGSILMEJEK HAZYNA ” ATLY KITAP SERGISI

  • “Gymmaty egsilmejek hazyna ” atly kitap sergisi

    “Gymmaty egsilmejek hazyna ” atly kitap sergisi

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminde “Gymmaty egsilmejek hazyna ” atly kitap sergisi gurnaldy.

                 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe has takygy ýurdumyzda bellenip geçilýän “Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýip atlandyrylýan ýylymyzda akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmek möhüm ähmiýete eýe bolýar. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu günki günde taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredildi. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan Döwlet kitaphananyň baý gaznasyndan “Gymmaty egsilmejek hazyna ” atly kitap sergisi gurnaldy. Türkmen halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, oňa aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Kitap sergimizde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp eserleri öz beýany tapýar. Sergimize Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we Informatika institutynyň talyplarynyň gatnaşmagynda kitap sergisi gurnaldy. Gurnalan kitap sergisi oňa gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

                Ýurdumyzda edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.