HALKARA BITARAPLYK GÜNI MYNASYBETLI ÝURDUMYZYŇ ÝAZYJY-ŞAHYRLARYNYŇ GATNAŞMAGYNDA «BITARAPLYK — BAGTYMYZYŇ BINASY» ADY BILEN DÖREDIJILIK SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI

  • Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarynyň gatnaşmagynda «Bitaraplyk — bagtymyzyň binasy» ady bilen döredijilik söhbetdeşligi geçirildi

    Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarynyň gatnaşmagynda «Bitaraplyk — bagtymyzyň binasy» ady bilen döredijilik söhbetdeşligi geçirildi

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarynyň gatnaşmagynda «Bitaraplyk — bagtymyzyň binasy» ady bilen döredijilik söhbetdeşligi geçirildi.

    Söhbetdeşlikde çykyş edenler Türkmenistan Watanymyzyň Halkara Bitaraplygynyň şanly 27-i ýylynyň içinde gazanylan ajaýyp üstünlikler, geçen ýyllaryň içinde Gahryman Arkadagymyzyň sebitde parahatçylygy gorap saklamakda bitiren ajaýyp işleri, BMG-nyň Mejlislerinde umumyadamzat bähbitli täze-täze başlangyçlary hakynda giňişleýin söhbet etdiler.

    Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň şan-şöhraty,dost-doganlyk syýasaty dünýä dolýar.Çykyş edenler olar hakynda aýtmak bilen, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.