HALKARA NOWRUZ BAÝRAMY MYNASYBETLI «GOJA ÝAŞLY JUWAN NOWRUZ» ADY BILEN BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

  • Halkara Nowruz baýramy mynasybetli «Goja ýaşly juwan Nowruz» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi

    Halkara Nowruz baýramy mynasybetli «Goja ýaşly juwan Nowruz» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi

    “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyly döwründe gadymdan gelýän däp- dessurlarymyz we baýramçylyklarymyz täze öwüşginde toýlanylýar. Şolaryň hatarynda Milli bahar baýramy hem aýratyn joşgunlylygy bilen tapawutlanýar. Ýaz paslynyň täsin görnüşleri her bir adamyň ruhuny belende göterýär. Ruhubelentlik bolsa adamyň mähirli, ýyly pikir garaýyşlaryň gurşawynda bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär.
    Ajaýyp günlerde, agzybirlikde, ata Watanymyzyň ykdysady, syýasy we medeni taýdan abraýynyň dünýä ýüzünde belende galýan döwründe milli baýramçylygymyz bolan Halkara Nowruz baýramynyň giňden belent ruhda, şatlykda bellenilmegi her bir ynsanyň kalbyny joşa getirýär, şatlygyna şatlyk goşýar. Halkara Nowruz güni millilige, ynsanperwerlige, ýagşylyga, hoşniýetlilige çagyrýan baýram. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hem Halkara Nowruz baýramy mynasybetli «Goja ýaşly juwan Nowruz» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu dabara dürli ýerlerden myhmanlar, döredijilik işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, okyjylarymyz gatnaşdylar. Olar özleriniň ýürek buýsançlaryny ajaýyp goşgylardyr, gutlaglary bilen beýan etdiler. Baýramçylyk dabarasynyň çäginde “Türkmen sährasyna Nowruz gelipdir” ady bilen giňişleýin kitap sergisi guraldy. Bu kitap sergisinde hormatly Prezidentimiziň pähim paýhasyndan dörän, ajaýyp eserleri, ajaýyp zamanamyzyň waspyny ýetirýän, ýazyjy-şahyrlarymyzyň kitaplary, Nowruz baýramy barada ýazylan edebiýatlar şeýle-de nusgawy şahyrlarymyzyň kitaplary ýerleşdirildi. Bu kitap sergisi örän täsirli boldy.
    Dabara gatnaşanlar şeýle ajaýyp döwri bagş eden hormatly Prezidentimize özleriniň alkyşlaryny we hoşallyk sözlerini aýtdylar.