HALKARA NOWRUZ BAÝRAMY MYNASYBETLI «JAHANY JANA GETIREN NOWRUZ GELDI ILIME» ADY BILEN BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

  • Halkara Nowruz baýramy mynasybetli «Jahany jana getiren Nowruz geldi ilime» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi

    Halkara Nowruz baýramy mynasybetli «Jahany jana getiren Nowruz geldi ilime» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi

    “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda her bir günümiz toý-baýramlara , şanly senelere beslenýär. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň belleniljek ýylynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde biziň milli baýramçylygymyz bolan Halkara Nowruz baýramy giňden bellenilýär. Halkara Nowruz güni millilige, ynsanperwerlige, ýagşylyga, hoşniýetlilige çagyrýan baýram. Ol eziz Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda, täze taryhy zamanamyzda zamanabap öwüşginler bilen baýlaşyp, hoşniýetli goňşuçylyk ”Açyk gapylar” syýasatymyzy dabaralandyrýan baýrama öwrüldi. Biziň Döwlet medeniýet merkezimiziň Döwlet kitaphanasynda hem Halkara Nowruz baýramy mynasybetli «Jahany jana getiren Nowruz geldi ilime» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu dabara dürli ýerlerden myhmanlar, döredijilik işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, okyjylarymyz gatnaşdylar. Olar özleriniň ýürek buýsançlaryny ajaýyp goşgylardyr- gutlaglary bilen beýan etdiler. Baýramçylyk dabarasynyň çäginde “Jümle-jahan gül-reýhana gark bolmuş” ady bilen giňişleýin kitap sergisi guraldy. Bu kitap sergisinde hormatly Prezidentimiziň pähim paýhasyndan dörän, ajaýyp eserleri, ajaýyp zamanamyzyň waspyny ýetirýän, ýazyjy-şahyrlarymyzyň kitaplary, Nowruz baýramy barada ýazylan edebiýatlar şeýle-de nusgawy şahyrlarymyzyň kitaplary ýerleşdirdi. Bu kitap sergisi örän täsirli boldy. Dabara gatnaşanlar şeýle ajaýyp döwri bagş eden hormatly Prezidentimize özleriniň alkyşlaryny we hoşallyk sözlerini aýtdylar.