HALKARA SERGI

  • Halkara sergi

    Halkara sergi

    2019-njy ýylyň 5-6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda “Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly neşir önümleriniň XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahat geçirildi. Bu sergi ýarmarkasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy hem sergi gurady. Indi adat bolşy ýaly, ýurdumyzda geçirilýän bu ýarmarka gatnaşanlar dürli ýurtlaryň edebiýatlary we neşir önümleri şeýle hem Döwlet kitaphanasynyň kitaplary bilen tanyş boldular.

    Döwlet kitaphanasynyň guran sergisinde hormatly Prezidentimiziň ýazan ajaýyp eserleri, çeper edebiýatlar, şeýle hem edebi mirasymyza degişli kitaplar öz beýanyny tapdy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna şu ýylda şol geçirilen “Kitap- hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly neşir önümleriniň XIII halkara kitap sergi- ýarmarkasyna we ylmy maslahatyna gatnaşanlygy üçin Diplom gowşuryldy. Şeýle halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň guralmagy daşary ýurtlar bilen biziň ýurdumyzyň mundan beýläk hem dost-doganlyk, medeni gatnaşyklarynyň has hem pugtalanmagyna getirer.