HALKARA ZENANLAR GÜNI MYNASYBETLI «BAGTYÝARLYK — DÖWRÜŇ ŞIRIN OWAZY, ZENANLAR — DURMUŞYŇ BAHARY-ÝAZY» ADY BILEN BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

  • Halkara Zenanlar güni mynasybetli «Bagtyýarlyk — döwrüň şirin owazy, zenanlar — durmuşyň bahary-ýazy» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi

    Halkara Zenanlar güni mynasybetli «Bagtyýarlyk — döwrüň şirin owazy, zenanlar — durmuşyň bahary-ýazy» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Bagtyýarlyk — döwrüň şirin owazy, zenanlar — durmuşyň bahary-ýazy» ady bilen Halkara Zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasynyň başynda zenanlara hormatly Prezidentimiziň pul sowgadynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Baharyň ilkinji günlerinde käbelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň halkara 8-mart baýramçylygy giňden bellenilýär. Halkara zenanlar güni mynasybetli sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren enelere hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adynyň dakylmagy, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylmagy we enelerimize, gelin-gyzlarymyza pul sowgadynyň berilmegi, bu mukaddesligiň belent sarpasydyr. Dabarada çykyş eden döredijilik işgärleri, ýazyjy-şahyrlar , kitaphana işgärleri hormatly Prezidentimiziň enelerimize, gelin-gyzlarymyza bolan beýik söýgüsi we olar üçin döwlet derejesinde edilýän aladalar hakynda täsirli söhbet etdiler we özleriniň zenanlara bagşlap ýazan ajaýyp goşgularyndan okap berdiler. Dabara gatnaşyjylar ähli enelerimizi, gelin-gyzlarymyzy Halkara zenanlar güni bilen gyzgyn gutlap, Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.