HALKARA ZENANLAR GÜNI MYNASYBETLI «ENELER — DÜNÝÄNI ÇOÝÝAN GÜNEŞ» ADY BILEN BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

  • Halkara zenanlar güni mynasybetli «Eneler — dünýäni çoýýan güneş» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi

    Halkara zenanlar güni mynasybetli «Eneler — dünýäni çoýýan güneş» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Eneler- dünýäni çoýýan güneş” ady bilen Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara dürli ýerlerden myhmanlar,ýazyjy- şahyrlar, kitaphana işgärleri şeýle hem okyjylar gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň biziň enelerimiz, käbelerimiz, gelin-gyzlarymyz üçin edýän döwlet derejesindäki aladalary hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen dabara gatnaşan gelin-gyzlarymyzy, kärdeşlerimizi we okyjylarymyzy bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli gyzgyn gutladylar.Ýazyjy- şahyrlarmyz bolsa käbelerimizi, gelin-gyzlarymyzy wasp edip ajaýyp goşgulary okap berdiler. Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşýan gelin- gyzlarymyza “Halkara zenanlar güni” mynasybetli hormatly Prezidentimiziň adyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Dabara gatnaşyjylar biziň üçin edýän atalyk aladasy üçin Gahryman we mähriban Arkadagymyza jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işlerinde bolsa uly rowaçlyklar arzuw etdiler.