«HALKLARYŇ GADYMY MIRASYNY AÝAWLY SAKLAMAKDA WE WAGYZ ETMEKDE KITAPLARYŇ TUTÝAN ORNY» ADY BILEN TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDA SÖHBETDEŞLIK GURALDY

  • «Halklaryň gadymy mirasyny aýawly saklamakda we wagyz etmekde kitaplaryň tutýan orny» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik guraldy

    «Halklaryň gadymy mirasyny aýawly saklamakda we wagyz etmekde kitaplaryň tutýan orny» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik guraldy

    “Kitap-hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly neşir önümleriniň XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Halklaryň gadymy mirasyny aýawly saklamakda we wagyz etmekde kitaplaryň tutýan orny” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik guraldy.

    Bu söhbetdeşlige Udmurdystan Respublikasynyň “Udmurtiýa” kitap neşirýatynyň baş redaktory Grýazýew G.G., Eýran Yslam Respublikasynyň Gürgendäki uniwersitetiniň ylmy işgäri, “Magtymguly” neşirýatynyň ýolbaşçysy Orazmuhammet Sarly, Russiýanyň YA-nyň Sibir şahamçasynyň ylmy-tehniki institutynyň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty Alişewskaýa S.N., şeýle-de milli “Galkynyş” kitap merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Myhmanlar öz zähmet çekýän pudaklary barada, kitap baýramçylygyna getiren neşir önümleri olaryň many-mazmuny barada täsirli gürrüň berdiler.

    Çykyşlarynyň dowamynda Türkmenistan döwleti, gözel paýtagtymyz barada örän buýsançly sözleri aýtdylar hem-de myhmansöýer türkmen topragyna gelip, türkmen halky bilen didarlaşmaga, tanyşmaga döredilen şeýle mümkinçilikler üçin çyn ýürekden çykýan minnetdarlyklaryny bidirdiler. Halklaryň gadymy mirasyny öz sahypalarynda jemleýän kitaplary okyjylara wagyz etmekde hyzmat etmegiň döwrebap usullary baradaky kitaphana işgärleriniň çykyşlary hem täsirli boldy.

    Kitaplar hakykatdan hem dünýäniň haklaryny parahatçylyga, hyzmatdaşlyga çagyrýan dost-doganlyk köprüsi bolup hyzmat edýär. Munuň şeýledigini “Kitap-hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly neşir önümleriniň XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasy onuň çäklerinde geçirilen ylmy maslahat we paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan medeni köpçülikleýin çäreler hem aňryýany bilen subut etdi.