«HALKYŇ ARKADAGLY ZAMANASY» ÝYLYNA BAGYŞLANYP, «AT-ABRAÝYŇ ARŞDADYR, ARKADAG» ADY BILEN DABARA GEÇIRILDI

  • «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyna bagyşlanyp, «At-abraýyň arşdadyr, Arkadag» ady bilen dabara geçirildi

    «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyna bagyşlanyp, «At-abraýyň arşdadyr, Arkadag» ady bilen dabara geçirildi

    Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyna bagyşlanyp, «At-abraýyň arşdadyr, Arkadag» ady bilen dabara geçirildi. Bu dabara S.A.adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinden mugallymlar, kitaphana işgärleri gatnaşyp, olar Garaşsyzlyk ýyllary içinde, aýratynam “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda ata Watanymyzyň ýeten sepgitleri, gazanylýan üstünlikler hakynda buýsanç bilen gürrüň berdiler. Dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynda , ylym –bilim, medeniýet ulgamlaryndaky gazanylýan ösüşler baradaky edilen gürrüňler dabara gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy. Bu dabaranyň çäklerinde guralan edebiýatlaryň giňişleýin sergisi köp okyjyly boldy.