-
19
Iýul
“Halkyň bagtyýarlygy-döwletiň berk binýadydyr”atly maslahaty geçirildi.
Bu maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda
Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda amala aşyrylýan
beýik işleri,ösüşiň täze belentliklerini,şeýle hem üstünliklere beslenýän gender
deňligi ,şeýle hem “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy”ýylynda türkmen
halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde,alnyp barylýan halk bähbitli
işleriniň,taryhy başlangyçlaryň,haýyr-sahabat we ynsanperwer işleriň ähmiýeti,
milli senetçiligi,halyçylygy,sungatymyzy ösdürmek,taryhy,medeni we ruhy
baýlyklarymyzy,maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamak,milli medeniýetimizi,
däp-dessurlarymyzy wagyz-nesihat etmek meseleleri hakynda giňişleýin söhbet
etdiler . Olar söhbetleriniň ahyrynda Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň,
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak beýik
işleriniň rowaç bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.