HASYL BAÝRAMY MYNASYBETLI «BEREKEDIŇ EGSILMESIN, BOL HASYLLY TOPRAGYM» ADY BILEN BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

  • Hasyl baýramy mynasybetli «Berekediň egsilmesin, bol hasylly topragym» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi

    Hasyl baýramy mynasybetli «Berekediň egsilmesin, bol hasylly topragym» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Hasyl baýramy mynasybetli “Berekediň egsilmesin, bol hasylly topragym ” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu baýramçylyga ýurdumyzyň oba hojalyk işgärleri, tanymal ýazyjy-şahyrlary, döredijilik işgärleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty netijesinde oba hojalyk ulgamynda ýetilen sepgitler, edermen babadaýhanlarymyzyň gazanan üstünlikleri barada giňişleýin gürrüň berildi. Şeýle-de baýramçylyk dabarasynda ýazyjylardyr-şahyrlar Gahryman Arkadagymyz barada, şeýle-de ýurdumyzdaky döwlet derejesindäki giňden bellenilýän hasyl baýramy mynasybetli ýazylan goşgulary bilen çykyş etdiler. Bu baýramçylyk dabarasynyň çäklerinde “Berekediň egsilmesin, bol hasylly topragym” atly giňişleýin kitap sergisi hem gurnaldy. Bu kitap sergisinde hormatly Prezidentimiziň kitaplary, oba hojalygyna degişli ylmy kitaplar şeýle-de gazet-žurnal makalalarynda oba hojalygyna degişli makalalar ýerleşdirildi. Bu kitap sergisi baýramçylyk dabarasyna gatnaşan myhmanlarda oba hojalygynyň ösüşleri barada maglumat almaklaryna mümkinçilik döretdi.