-
04
Noýabr
Hasyl toýy mynasybetli «Sepilen tohumlar rysk bolup galdy, bereket eçildi, desterhan boldy» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi
“Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda Hasyl baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Sepilen tohumlar rysk bolup galdy, bereket eçildi, desterhan boldy “ atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty barada giňişleýin gürrüň berdiler. Hasyl baýramy rysgal-berekediň baýramy bolup, ol saçaklarymyzyň dolulygyny aňladýar. Bereketli topragymyzda ýetişdirilýän ähli gök-bakja önümleriniň ak bazarlarda bol bolup, halkymyzyň azyk bolçulygyny döredýär. Bu baýramçylyk dabarasynda şahyr, halypa kärdeşimiz Hasyl baýramy bilen bagly öz döreden goşgulary bilen çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiziň obasenagat toplumyny ösdürmekde edýän aladalaryna minnetdarlyk sözleri aýdyldy. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, alyp barýan işleri diňe rowaçlyklara beslensin !