HEMIŞELIK BITARAPLYGYMYZYŇ 24 ÝYLLYGY MYNASYBETLI «ARKADAGYŇ ÝOLY BILEN BITARAPLYK TOÝY BU GÜN» ADY BILEN BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

  • Hemişelik Bitaraplygymyzyň 24 ýyllygy mynasybetli «Arkadagyň ýoly bilen Bitaraplyk toýy bu gün» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi

    Hemişelik Bitaraplygymyzyň 24 ýyllygy mynasybetli «Arkadagyň ýoly bilen Bitaraplyk toýy bu gün» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi

    “Arkadagyň ýoly bilen Bitaraplyk toýy bu gün” atly Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Hemişelik Bitaraplygymyzyň 24 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara dürli ýerlerden myhmanlar, ýazyjy-şahyrlar , kitaphanaçylar we okyjylar gatnaşdylar. “Türkmenistan- rowaçlygyň Watany” ýylymyzda, Garaşsyz döwletimiziň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp wakalar örän köp boldy. Şu günler Garaşsyz Diýarymyz şanly Bitaraplygymyzyň 24-ýyllygy mynasybetli toý-baýramlara beslenýar. Mähriban Arkadagymyz Hemişelik Bitaraplygymyza laýyklykda sebitde parahatçylygy gorap saklamakda, dünýäde dost- doganlygy berkitmekde beýik işleri alyp barýar. Onuň alyp barýan ynsanperwer syýasaty, dostlukly gatnaşyklary bu gün dünýä dolýar. Şol üstünlikli gatnaşyklaryň miwelerini bolsa Diýarymyzyň täze taryhynyň her bir sahypasynda görmek bolýar. Dabaranyň çäginde “Bitarap sen, berkarar sen Diýarym” ady bilen giňişleýin kitap sergisi gurnaldy.Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.