-
22
Noýabr
“Her bir göli Oguzhanyň tagmasy” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli medeniýetimiz we sungatymyz düýpli esasda öwrenilýär. Gadymy döwürlerden bäri türkmen medeniýeti çeper senetleriň ösüşindäki naýbaşy esaslary özünde jemleýär. Türkmen halkynyň özboluşly aýratynlygyny, däp-dessurlaryny, urp-adatlaryny şöhlelendirýän milli halyçylyk sungatymyz munuň aýdyň mysalydyr. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi tarapyndan türkmen halysynyň milli baýramy mynasybetli “Her bir göli Oguzhanyň tagmasy” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halysynyň taryhy hem-de biziň şu günki günlerimize çenli gelip ýetişi barada giňişleýin gürrüňler etdiler. Biziň milli mirasymyzy öwrenmäge, halk köpçüligine ýaýmaga uly şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Goý, elmydama türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.