HORMATLY ARKADAGYMYZYŇ KITAPLARYNY WAGYZ ETMEK MAKSADY BILEN WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY ONLAÝN SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

  • Hormatly Arkadagymyzyň kitaplaryny wagyz etmek maksady bilen wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn söhbetdeşlik geçirildi

    Hormatly Arkadagymyzyň kitaplaryny wagyz etmek maksady bilen wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn söhbetdeşlik geçirildi

    Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň we Metbugat merkeziniň guramagynda hormatly Arkadagymyzyň kitaplaryny wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen wideoaragatnaşyk arkaly online söhbetdeşlik geçirildi. Döwlet kitaphanasynda geçirilen online söhbetdeşliginde hormatly Arkadagymyzyň gymmatly kitaplary barada, esasanam, “Ahalteke bedewi- biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da”, “Türkmen alabaýy” kitaplaryndaky gymmatly maglumatlar barada durlyp geçildi. Ylmy taýdan subut edilen maglumatlaryň, durmuşy wakalaryň mysalynda bu kitaplaryň many-mazmynyny açyp görkezildi. Birbada wepany-da, sapany-da özünde jemleýän, buýsanjymyza hem şöhratymyza öwrülen, gadamy batly bedewlere, edermenligi, batyrlygy özünde jemleýän, wepalylygyň nyşany hasaplanylýan türkmen alabaý itlerimize keremli kelamlardan, mukaddes sözlerden öz okyjylaryna ýadygärlik dikip bermegi hormatly ýurt Baştutanymyzyň biziň bu milli gymmatlyklarymyza goýýan hormat-sarpasyndan, sögüsinden nyşandyr. Söhbetdeşliginiň soňunda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary,döredip beren giň mümkinçilikleri üçin köp sag bolsunlar aýdyldy.