HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ÝAŞLAR –WATANYŇ DAÝANJY –ATLY KITABYNDAN KITAPHANA SYNY GEÇIRILDI.

  • Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Ýaşlar –watanyň daýanjy –atly kitabyndan kitaphana syny geçirildi.

    Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Ýaşlar –watanyň daýanjy –atly kitabyndan kitaphana syny geçirildi.

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda milli medeniýetimizi ösdürmekde uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  Ýaşlar –watanyň daýanjy –atly kitabyndan Döwlet kitaphanasynyň  Seýrek neşirler bölümi Aşgabat şäheriniň Beýik Serdar  nesilleri ýöriteleşdirilen 75-nji orta mekdebiniň  ýokary synp okuwçylarynyň  gatnaşmagynda kitaphana synyny geçirdi. Hormatly Prezidentimiziň kitapda: “ – Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys”-diýip belläp geçýär. Watanymyzyň geljegi bolan bagtyýar ýaşlaryň okamagy, döretmegi, gurmagy, işlemegi we ýaşamagy barada uly aladalar edýän milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.