«HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ ESERLERINIŇ DÜNÝÄ JEMGYÝETÇILIGINDÄKI ORNY» DOGRUSYNDA KITAPHANAÇYLARYŇ ARASYNDA GIŇIŞLEÝIN SÖHBETDEŞLIK GURALDY

  • «Hormatly Prezidentimiziň eserleriniň dünýä jemgyýetçiligindäki orny» dogrusynda kitaphanaçylaryň arasynda giňişleýin söhbetdeşlik guraldy

    «Hormatly Prezidentimiziň eserleriniň dünýä jemgyýetçiligindäki orny» dogrusynda kitaphanaçylaryň arasynda giňişleýin söhbetdeşlik guraldy

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna iş saparynyň üstünlikli geçmegine bagyşlanyp “Hormatly Prezidentimiziň eserleriniň dünýä jemgyýetçiligindäki orny” dogrusynda kitaphanaçylaryň arasynda giňişleýin söhbetdeşlik guraldy. Bu söhbetdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň dünýä nusgalyk ynsanperwer işleri,dürli ýurtlar, şol sanda Özbegistan Respublikasy bilen goňşyçylyk, medeni- gumanitar, ykdysady, dost-doganlyk gatnaşyklary hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Özbegistanda Hormatly Prezidentimiziň birnäçe ajaýyp eserleri özbek dillinde terjime edilip okyjylara ýetirildi.Olardan: “ Bagtyýarlyk- saglykdan başlanýar”, “Çaý- melhem hem ylham”, “Medeniýet halkyň kalbydyr”, “Janly rowaýat” we beýleki gymmatly kitaplary iki ýurdyň dost-doganlyk gatnaşyklarynda çuň mana eýedir. Iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimize Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň ”hormatly akademigi” diýen hormatly at berildi. Çykyş edenler bular hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen, özbek hem-de türkmen halklarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň barha ösýändigini nygtadylar.