-
01
Oktýabr
Hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» kitabyny tanyşdyrmak maksady bilen söhbetdeşlik geçirildi
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň toýlanýan günlerinde hormatly Prezidentimiziň ”Garaşsyzlyk-bagtymyz” atly türkmen, iňlis, rus dillerinde çap bolan kitaby halkymyza gowuşdy. Bu gymmatly kitabynda Gahryman Arkadagymyz Garaşsyzlyk ýyllarynyň asyrlara barabar ösüşleri: biziň ykdysadyýetimiz, medeniýetimiz we sungatymyz, ylym-bilim, halk hojalygy we oba hojalygy, saglygy saklaýyş we beýleki ugurlar hakynda Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň içinde ýetilen beýik sepgitler hakynda giňişleýin söhbet edilýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bu gün Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan iň bir gülläp ösýän, adamzada ýagşylyk nuruny saçýan beýik döwletdir. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň umumadamzat bähbitli beýik işleri, täze-täze başlangyçlary dünýä dolýar. Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygy biziň ata- babalarymyzyň, pederlerimiziň uzak-uzak asyrlar arzuw edip ýeten özbaşdaklygydyr, mukaddesligidir. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ”Garaşsyzlyk-bagtymyz” atly bu gymmatly kitabynyň her bir bölümi hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen eziz Watanymyzyň ösüşlerine öz buýsançlaryny beýan etdiler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ”Garaşsyzlyk-bagtymyz” atly bu gymmatly kitabynyň özleriniň ýan kitabyna öwrüljekdigini nygtadylar. Söhbetdeşlige gatnaşanlar söhbetleriniň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler. Söhbetdeşligiň çäginde “Arkadagyň paýhasyndan dörän kitaplar” atly kitap sergisi gurnaldy.