HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ KÄBESI «OGULABAT EJÄNIŇ KALBYNYŇ MÄHRI» ADY BILEN DABARA GEÇIRILDI

  • Hormatly Prezidentimiziň käbesi «Ogulabat ejäniň kalbynyň mähri» ady bilen dabara geçirildi

    Hormatly Prezidentimiziň käbesi «Ogulabat ejäniň kalbynyň mähri» ady bilen dabara geçirildi

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň mundan ýarym asyr öň sünnäläp bejeren kürtesiniň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gowşurylmagy mynasybetli dabara geçirildi. Dabara Döwlet kitaphanasynyň halypa işgärleri, B.Amanow ad. Döwlet çagalar kitaphanasynyň hem-de Aşgabat şäher medeniýet müdürliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň işgärleri gatnaşyp Ogulabat ejäniň sünnäläp bejeren kürtesiniň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gowşurylmak dabarasyna ýazgy arkaly tomaşa edildi we Ogulabat ejäniň el işleriniň hem-de onuň görüm-göreldesiniň biziň şu günki we geljekki ýaş nesillermiz üçin uly terbiýe mekdebiligi hakynda söhbet edildi.