«HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ NUSGALYK ESERLERI — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ GÖZBAŞY» ADY BILEN TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDA SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

  • «Hormatly Prezidentimiziň nusgalyk eserleri — beýik ösüşleriň gözbaşy» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi

    «Hormatly Prezidentimiziň nusgalyk eserleri — beýik ösüşleriň gözbaşy» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Hormatly Prezidentimiziň nusgalyk eserleri- beýik ösüşleriň gözbaşy” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige gatnaşan halypa kitaphana işgärleri hormatly Prezidentimiziň eserleriniň çeperçiligi, gymmaty, eziz watanymyzyň ajaýyplygyny şeýle ynsanperwer, keremli sözler bilen suratlandyrýandygyny öz çykyşlarynda nygtadylar hem-de bu gymmatly eserleriň ýaş nesle ýetirýän täsiri hakynda gürrüň etdiler. Söhbetdeşligiň çäginde Döwlet kitaphanasynyň gaznasyndan “Arkadagly zamanamyz, öňe bolsun bedew badyň” ady bilen giňişleýin sergi gurnaldy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag bolmagyny, gymmatly eserleriniň köp bolmagyny arzuw etdiler.