HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» ATLY TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

  • Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

    Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy, Aşgabat şäher merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy hem-de Türkmen döwlet Medeniýet we sungat mekdebiniň talyplary bilen bilelikde guramagynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

    Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly täze neşir edilen gymmatly kitabynyň many-mazmuny hakynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle hem çykyş edenler bu ajaýyp kitabyň hemmämiziň ýan kitabymyza öwrüljekdigi, türkmen halkymyzyň gadymdan gelýän baý däp-dessurlarynyň, ýol-ýörelgeleriniň hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp kitabynda öz beýanyny tapandygy, bu gymmatly neşiriň 12 bölümden ybarat bolup, olaryň her biriniň dürli pähim-paýhaslar siňen rowaýatlar bilen baýlaşdyrylanlygy,bu tymsallaryň türkmen durmuşynyň döwletlilik ýörelgeleriniň her bir ugruny häsiýetlendirýänligi hakynda hem söhbet etdiler.

    Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp kitaby, biziň ýaş nesillerimiz üçin, talyplarymyz üçin hem örän gymmatly çeşmedir. Olaryň öz şöhratly taryhymyzy, gadymdan gelýän milli däp-dessurlarymyzy has çuňňur öwrenmeginde bu gymmatly kitabyň uly mekdep boljakdygyny hem çykyş edenler nygtadylar. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, beýik işleriniň rowaç, şeýle hem täze kitabynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler!