HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «TÜRKMENISTANYŇ DERMANLYK ÖSÜMLIKLERI» KITABYNYŇ NOBATDAKY ХI TOMUNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

  • Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabynyň nobatdaky ХI tomunyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

    Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabynyň nobatdaky ХI tomunyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

    Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik kitabyň nobatdaky ХI-nji tomy biziň pederlerimiziň örän baý mirasyny, halk tebipleriniň tejribesinden dörän gymmatlyklary öwrenmekligiň dowamy bolup durýar. Kitapda 118 sany türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikler barada doly we düýpli maglumatlar berilýär. Bu kitap ýokary derejede Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çapdan çykan. Bu kitabyň 302-nji sahypasynda derman ösümlikleriň atlarynyň türkmençe, latynça we rusça sözlügi ýerleşdirilen. Mundan başgada 306-311 sahypalarynda bolsa dermanlyk çig mallary ýygnamaklygynyň senenamasy berilýär hemde kitabyň soňynda bolsa peýdalanylan edebiýatlaryň sanawy berilýär. Kitabyň esasy maksady lukmançylyk ulgamynyň işgärlerine,dermanlyk çig mallary taýýarlaýanlara we ýygnaýjylara, öňki bar bolan maglumatlaryny giňeltmekden ybaratdyr.