“ISMIM DÜŞDI ILDEN ILE”

  • “Ismim düşdi ilden ile”

    “Ismim düşdi ilden ile”

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Ismim düşdi ilden ile...” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

    Bu günki gün Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy umumadamzat gymmatlygyna öwrüldi. 2023-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysynyň ÝUNESKO-nyň “Dünýä hakydasy” atly halkara sanawyna girizilmegi, beýik şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenip geçiljek ýubileý senenamalaryň hataryna goşulmagy akyldaryň ýiti pähim-paýhasynyň dünýä derejesinde ykrar edilendiginiň anyk mysalydyr. Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň kitaplary dürli dillerde, dürli ýurtlarda çap edilýär.

    Goý, türkmen halkynyň, tutuş türki dünýäniň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň owazasyny äleme ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri üstünliklere beslensin!