-
17
Maý
«Kanunym hem Baýdagym — asudalygyň nur baýlygy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli «Kanunym hem Baýdagym — asudalygyň nur baýlygy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň başynda çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň gününiň bir günde bellenilmegi iki mukaddeslige goýulýan hormatdan nyşandyr diýip bellediler we halkymyzyň ynsanperwerlik, adalatlylyk, agzybirlik ýörelgelerini özüne siňdiren Ýurdumyzyň Konstitusiýasynda adamlaryň bolelin durmuşda ýaşamaklary, asuda işlemekleri we dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredenligi hakynda aýdyp geçdiler.
Söhbetdeşligiň soňunda olar hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.