«KITAP-DÜNÝÄNIŇ AÇARY»

  • «Kitap-dünýäniň açary»

    «Kitap-dünýäniň açary»

    Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sergi binasynda Türkmenistanyň Bilim Ministirligi,Türkmenistanyň Medeniýet Ministirligi,Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi,Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýetiniň gurnamagynda «Kitap-dünýäniň açary» ylmy-amaly maslahat geçirildi.

    Geçirilen ylmy-amaly maslahatyň esasy maksady Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ýurdumyzda ýaşlar döwlet syýasatyny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz-nesihat etmekde we ony üstünlikli durmuşa geçirmekde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasa, baý many-mazmuna ýugrulan ajaýyp kitaplary, gymmatly gollanmadyr, ylym-bilim, edep-terbiýe, babatda görelde mekdebidir» diýen, parasatly jümlelerinden ugur alyp, kitaphon jemgyýeti döretmek şeýle-de ýaşlaryň kitaba bolan söýgüsini we gyzyklanmalaryny has-da artdyrmak bolup durýar.