-
06
Noýabr
“Kitap – dünýäniň açary”
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Kitap – dünýäniň açary” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ýurdumyzda ýaşlar döwlet syýasatyny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz-nesihat etmekde we ony üstünlikli durmuşa geçirmekde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasa, baý many-mazmuna ýugrulan ajaýyp kitaplary, gymmatly gollanmadyr, ylym-bilim, edep-terbiýe, babatda görelde mekdebidir» diýen, parasatly jümlelerinden ugur alyp, kitaphon jemgyýeti döretmek şeýle-de ýaşlaryň kitaba bolan söýgüsini we gyzyklanmalaryny has-da artdyrmak esasy maksadymyz bolup durýar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.