-
08
Noýabr
“Kitap dünýäsine syýahat”
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary gezelençde bolup, kitaphananyň bölümleri bilen tanyş boldular.
Öz bilşimiz ýaly, 2024-nji ýyl “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyz birnäçe ösüşlere-özgerişlere baý ýyllaryň biri. Biziň milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolan ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň işi hem döwrebap ösdürilýär.
Biziň dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň, medeni gatnaşyklarymyzyň ösmeginde dürli ýurtlaryň kitaphanalary bilen biziň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanamyzyň gatnaşyklarynyň örän uly ähmiýeti bardyr.
Bu barada Türkmen Halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly gymmatly kitabynda şeýle diýilýär:
“ Kitaphanalar –paýhas öýi.Durmuşyň ähli ugurlaryna degişli edebi-çeper, taryhy we ylmy kitaplary bu ýerde aňsatlyk bilen tapyp bolýar. Dürli dünýä dilleri, alys we ýakyn ýurtlaryň wekilleri, olaryň pikir-garaýyşlary, aýdan sözleri, döreden eserleri bilen tanşyp bilýär”
Ine, Gahryman Arkadagymyzyň şu keremli sözlerinden belli bolşy ýaly, kitaphanalar pähim-paýhas ojagydyr. Ýurdumyzyň ösmeginde ähli ugurlarda uly aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.