-
16
Awgust
“Kitap-gymmaty egsilmejek hazyna”atly söhbetdeşlik geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Kitap-
gymmaty egsilmejek hazyna” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy
gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, oňa aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Sebäbi
kitap okamagy söýýän halk özüni bagtly saýypdyr. Şu ýerde belli türkmen ýazyjysy
Nurmyrat Saryhanowyň “Kitap” hekaýasy biygtyýar ýadyňa düşýär. Ýazyjy hekaýasynda
nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragy, onuň edebi mirasy barada söz açyp
giňişleýin nygtadylar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa
goýup, olary dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri
Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza
tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan etdiler.